Haçan-da siz nämedir bir zat barada pikir ýöredeniňizde şol pikiriňiziň özüňize degişlidigine anyk gözüňiz ýetýärmi? Siz özüňizi nä derejede azat duýýarsyňyz? Siz edýän hereketleriňiziň huş astynda başga biri tarapyndan berlen buýrukdygyna ynanýarsyňyzmy? Siz we biz, hemmämiz ýörite taýýarlanylyp ýetişdirilen robotlar nesli.
Men bu ýerde makala içgin başlamazdan ozal näme üçin birinji abzasda özümizi “robota” meňzedenimi kiçijik bir mysal arkaly esaslandyraýyn. Üns beren bolsaňyz soňky döwürde dünýä tans medeniýetinde uly özgerişlikler bolup geçýär. Geçirilýän halkara talant bäsleşiklerinde birinjilik orunlary berilýän tansçylaryň tans stilinde robota mahsuslyk bar. Ýagny, tansçylaryň robota çalym edýän hereketleri hem žurileri hem-de tomaşaçylary haýrana goýýar. Üstesine olaryň tansy tehno sazlarynda ýerine ýetirilýär. (Makalany dolulygyna okap gutaranyňyzdan soňra şu görkezilen çelgilerden meniň gürrüňini edýän tanslarymyň käbirine tomaşa edip bilersiňiz.)
Haçan-da elimize gazet, žurnal ýa-da bolmasa haýsydyr bir belli meşhur eseri alyp okanyňyzda ol ýa-da beýleki bir habaryň, wakanyň, maglumatyň ýa şygaryň aňymyza täsir edenini duýmany galýarys. Belki duýýandyrsam, ýöne şeýle täsiriň nähilidir bir ys hökmünde aňymyza ornaşmagyna, ýerleşmegine, şol ýerde mesgen tutmagyna meýletin ýa-da erksiz rugsat edýäris. Şol galýan yzlar, edilen täsirler adamzada özlerini Hudayň ýerine goýup oturan “beýnileriň” taýýarlap ugradan kodlarydyr. Ol kodlaryň hem global missiýasy bardyr. Aýdaly siz bir gazetden haýsydyr bir X ýurdy barada habar okadyňyz. Habarda şol X ýurdyň öz milleti ýurtda ýaşaýan başga bir Y etniki toparyny “rehimsiz” gyrandygy aýdylýar. Indi şol Y etniki toparyň hatyrasy üçin X milleti başga bir Z topary tarapyndan “nesil gyryjy” diýlip yglan edilýär. Z topar ähli halkara guramasumaklardan rugsat alyp X ýurduna ýöriş edip onuň ähli baýlyklaryny öz eline geçirýär. Netijede şu habary maglumat hökmünde kabul eden beýni üçin X milleti “birehim” keşpde bolup Z topar “halasgär gahrymana” öwrülýär.
Biz hatda jahan taryhyny okanymyzda näçe sany toslanan wakalary hakykat hökmünde kabul edenimizi bilýän hem däldiris. Hatda biziň taryhymyzda hem gör näçe sany oýlanyp tapylan hem-de agzalmany taryhyň tozanly sahypalaryndan goparlyp aýrylan taryhy wakalardyr gahrymanlar bardyr. Ýalan taryh biziň beýnimizde eýýäm öz düýp maksadyny amal edendir.
Belli bir döwür aň-düşünjeleri gazet žurnallar kodlan bolsa, indi häzirki nesli şeýle metbugat serişdeleri gözegçilikde saklaman, olaryň ýerini internet we beýleki mediýa organlary eýeledi. Ýagdaý şeýle bolsa-da maglumatyň çeşmesi şol öňküliginde galýar. Telewideniýe hem-de internet – ine syçan üçin kapasadaky mugt peýnir.
Tehnologiýanyň ösmegi bilen adamy güýmemäge, onuň beýnisini dynygsyz gözegçilikde saklamaga mümkinçilik hem artdy. Teleradioýaýlymlarynda halkara ýetiriljek gepleşikdir, seriallaryň sanawy bir ýyl öňünden taýýarlanyp goýlandyr. Biziň şu güne çenli Amerika atly “beýik döwlet” tarapyndan taýýarlanyp düşürlen filmleriň aňymyza eden täsirini şu gün görýäris. Ol filmlerde oýnan oýunçylaryň keşbi, propoganda edilen ýaşaýyş medeniýeti, emeli çekilen gymmatlyklar biziň real durmuşymyzda öz ornuny tapdy. Eýsem daşa töweregiňizde owadan aktýorlara meňzejek bolýan, şolaryň durmuş stilini öz ojagyna siňdirjek bolýan ýaşlara duşmadyňyzmy. Hatda öý hojalykçy zenanlarymyzyň söýgüli seriallary olaryň beýnisiniň oýlanmak ukybyny gaty pese gaçyrmak maksady bilen ýaýlymlara goýberilýän bolsa nätjek!
Hatda biz çagalarymyz öz elimiz bilen olara wagtymyz ýetmeýänligi üçin “Walt Disneyiň” dünýäsiniň sistmeasyna salýarys. Nämemişin, biz bagtyýar geljek üçin zähmet çekip pul gazanýamyşyk. Soň çagalarymyz şol “Mickey Mouse” dost edinip her hili transformerdir özüne serenjam berýän gyzjagazlardan we bir topar howaýy jandarlardan görelde alýarlar. Çagalyk döwründen soň estrada ýyldyzlary öz işine başlaýar. Ýaş oglan gyzlaryň idollary öz ene-atalary däl-de sahnada howaýy keşp oýnaýan adamlar bolýa-da duruberýär.
Indi gezek mahabatyňky. Bize irden turup dişimizi näme bilen ýuwmalydygymyzdan başlap giç agşam haýsy kinony görjegimize çenli ündeýän owadan we ýakymly mahabatdan her kim habarlydyr. Biz eýýäm edil kanunda ýazylan ýaly näme iýmelidigini, näme geýmelidigini, nirä gitmelidigini hatda nädip pikirlenmelidigini reklamalardan öwrenýäris.
Aslynda bu zatlaryň hemmesi adamyň pikirlerini we maddy baýlygyny gözegçilikde saklamak niýeti bilen edilendir. Ynsan beýnisini kontrola alyp olary näme utýarlar diýen soragyňyz peýda bolandyr! Elbetde utýarlar. Olar adamlardan olaryň ruhuny satyn alýarlar. We öz ruhlaryny satýarlar. RUHLARYNY…
Şeýlelikde olar bedenlerimizi we ruhlarymyzy ýüpjagazlar bilen baglap, bizi sahna oklap, özleri hem ýokardan rehimsiz oýnadýarlar. Şeýdibem biz robota öwrülýäris. Makalanyň başynda agzan robot stili tansy hem şuňa bir mysaldyr. Indi ýaş nesil bu görnüşde tans hereketlerini etmäge gaty ýykgyndyr. Türkmen ýaşlarynyňam höwes bilen tektonik, elektrik buggy, trans ýaly tanslary edip başlandygyna YouTube wideo portalynda duşmak mümkin. Bu hem “şol beýin topary” tarapyndan aňymyza ýerleşdirilip adamlaryň şu wagtdan robota bolan mährini döretmegiň usulydyr.
Siz öz beýniňize Illimunatiniň eýe çykmandygyny aýtjak bolýaňyzmy!? Siz özüňize öýjükli aragatnaşyk telefonyny almak bilen elinjek olaryň gözegçiligine düşdiňiz. Ýer şarymyzyň daşynday emeli hemralara baglanyp biziň hemmämiz barada köp maglumatlary alyp bolýar. Şahsy suratlarymyz, adresimiz, telefon belgilerimiz hatda şu wagt makalany okaýşyňyzy hem ýazga alyp oturandyklary hakykatdyr. Telefon gepleşikleriňiz, ýazyşan hatlaryňyz hatda uzak künjeklerdäki dogan garyndaşlaryňyz bilen geçiren wideo söhbetdeşlikleriňiz hem ýazga alynyp ýatda saklanandyr. Ýogsa-da 21-nji asyrdaky täze tehnologiýa adam ýaşaýşyny nä derejede aňsatlaşdyrdy! Uzaklary ýakynlaşdyrdy. Belki-de uzaklaşdyrdy..!
Bu makala siziň durmuşa bolan höwesiňizi gaçyrmak, ýa bolmasa şol ady agzalýan “beýin toparyna (illimunati)” garşy ýigrenç döretmek maksady bilen ýazylmady. Olara Alladan başga garşy çykjak güýji adam ogly entek göz öňüne getirip bilýän däldir. Meniň baş maksadym siziň internetden sogrulyp, jigiňiziň kompýuter oýnuny öçürip, uýaňyzy telewizordaky serialyň öňünden turuzyp, garaz tehnologiýanyň we modern hasaplanýan kime degişlidigi näbelli täze ýaşaýyş medeniýetiniň size erk etmegine rugsat bermäni, maşgalaňyz bilen arassa howada dynç alyşa gitmäge itermek…
Awtory: Gülnar Baýryýewa
@Yelharaz – 2013
Присоединяйтесь к ОК, чтобы посмотреть больше фото, видео и найти новых друзей.
Комментарии 1