«Gözellik sungaty», «Amaly-haşam sungaty», «Saz sungaty», «Heýkeltaraşlyk sungaty»... sungat bilen bagly ugurlary kän eşidensiňiz. Ýöne «Zeýrenç sungaty» hakda heý-de bir zat gulagyňyza ildimi? Ýok, siz öte eşitmediňiz, bu ýerde geň görerlik zat hem ýok, men dogrudanam «Zeýrenç sungaty» hakynda gürrüň edýärin... #Lebapmilli #Lebap
Kimdir biri ýanyňyza gelip, nämedir bir zatdan derdinse, arzyny aýtsa, zeýrense, bir gün, iki gün üns berip diňlärsiňiz, jaý maslahaty boldugyndan salgy berersiňiz, ýöne her gezek we hemişe zeýrenip ýören adamlardan soňabaka ýüregiňiz doýar, ondan daş duranyňyzy eý görersiňiz. Nämedir bir zat sizi ondan iterip, daşlaşdyryp durar. Sebäbi, sähel kötelligi ýüze tutup, zeýrenje ýykgyn etmek aglabamyzyň häsiýetimize ornan hem bolsa, aslynda bu ynsanyýetiň hem, tebigatyň hem halaýan zady däldir. Zeýrenjeň adamlar hemişe özlerinden ýaramaz güýji (otrisatel energiýany) bölüp çykarýar. Şol güýç hem bize ýakymsyz, oňaýsyz täsir edýär. Onsoň, şeýle söhbetlerden soňra gan basyşynyň artmagy ýa peselmegi, özümizi nähoş duýmak, nähili- dir bir göwnüçökgünlik duýgulary bilen gurşalmak ýüze çykýar. Şonuň üçin käteler zeýrenje per berýändigimize garamazdan, özümiz welin, zeýrenjeň adamlary halamaýarys. Çünki olar gözelligi açyk ýa-da ýaşyryn-pynhan bolan durmuş günlerini, bagt güllerini lapykeçlik we göwnüçökgünlik çotgasy bilen tutuksy çal reňke boýamaga çalyşýan adamlardyr. Pursat boldugyndan şeýle adamlardan gaça durmaga we olara gabat gelmezlige çalyşýarys.
Zeýrenjeňlik hem-de içki hasratyňy kimdir birine dökmek - hersi aýrybaşga zat. Kähalatlarda gursagymyzdaky oý-pikirler, beýnimizi basýan aladalar, serimizi gurşan ünjüler hakda kimdir birine içimizi dökesimiz gelýär, has dogrusy biz şeýle etmäge, mätäç bolýarys. Kimdir biri bilen pikir alyşmak biz üçin wajyp zada öwrülýär. Şeýle halatlarda ýagşy adamlara örän mätäç bolýarys, olar bize howa deýin gerek. Çünki ynsan dost-doganyna arkalanman bir özi ýaşap bilmez. Adamlar bilen gürleşmeli, görüşmeli, pikir alyşmaly. Gursagyndakyny daşyna çykarsa, adam rahatlyk bilen uludan demini alýar. Süňňüne, köňlüne ynjalyk we rahatlyk dolanýar. Şeýle içiňi dökmek zeýrenç däldir.
Zeýrenç näme? Köplenç halatda gözümiz bilen görmedik, diňe ondan-mundan eşiden gürrüňlerimiz esasynda pikir ýöredip, aslynda ýok meseläni çişirmegimiz, üstümize howp abanýan mysaly janyýangynly gürlemegimiz, ýa-da durmuş wakalary dogrusynda ters pikirýöretmegimiz, garşymyzdaky päsgelçiliklere ýüzbe-ýüz durup, olary ýeňip geçmek bilen däl-de, abaý-syýasat bilen çözjek bolmagymyz - biz üçin «ýürek sözi» bolup görünse-de, aslynda ol zeýrençdir. Hemişe ýadyňda bolsun, hiç hili galtaşygymyz bolmadyk zatlara zeýrenenimizden, üýtgedip biljek zatlarymyza ünsümizi sarp etsek, has ýerlikli bolardy. #Lebapmilli #Lebap
Hatda içki pikirleriňi paýlaşanyňda hem kimiň ýanynda näme gürleýändigiňe seresap çemeleşmeli. Bir müşgillik hakda kimdir birine derdimizi egsip, gül-gül açylyp otursak, birbada ynjalan ýaly hem bo- larys, emma ertesi gün biziň uly ile aýan etmek islemedik meselämiz, dürli-dümen, başly-barat gömüşde onuň-munuň dilinde gaýmalaşyp ýören bolsa, onda düýnki sähel salymlyk ynjalygyň, asudalygyň, rahatlygyň ornuny öňküden beter ökünjiň we puşmanyň eýelejekdigi ikuçsuz. Şeýle ýagdaý, köplenç, mynasyp däl adama içiňi dökeniňden soň ýüze çykýar. Özi-de, köplenç, şeýle bolýar.
Biziň iň uly müşgilliklerimiziň biri - derdimizi egismäge, meselämizi çözmäge hiç hili ýardam edip bilmejek, şol ugurda birjik-de haýry bolmajak, üstesine, iň bolmanda ugrugar ýaly hoşamaý söz hem aýdyp bilmejek adamlara içiňi dökmekdir. Ine, käbir mysallar. Aýalyndan zeýrenjini dostuna dökýän, kesir müdirine bolan arzyny baryp aýalyna aýdýan, edarasyndaky ýa-da iş dolandyryşdaky gapma-garşylyklary, nägilelikleri taksi sürüjisine gürrüň berýän adamlar bar. Şeýle ýagdaýda içini dökýän adam ýüreginiň howruny sähel salymlyk gowzadýar diýäýmeseň, hiç zat gazanyp bilmeýär. Zeýreneniň bilen mesele çözülmeýär. Gahar-gazabyny, ynjalyksyzlygyny, janyny ýakmaklygy artdyrmakdan gaýry hiç zat gazanmaýar. Emma düşünjeli adamlara içiňi dökseň, dünýäň giňäp gidýär. #Lebapmilli #Lebap
Käbir kişiler duş gelen adamsy bilen derdinişýärler, mynasyp dälleriň ýanynda zeýrenýärler. Emma ol adamlar seniň bilen deň derdinişmese, barabar zeýrenmese, seniň bilen meňzeş hörpden gopmasa, ýene-de sen olardan nägile bolup, öýkeläp başlaýarsyň (ýogsam, şolaryň köpüsi derdineni bilen meseläniň çözülip gidibermeýändigini bilmän duranoklar). Şeýle adamlar durmuş kynçylyklaryna ýüzbe-ýüz durmakdan gorkýan we özüne gaçybatalga gözleýän adam mysalydyr. Onuň müdiriniň oňlanmajak hereketine «Ýok» diýmäge gaýraty ýok. Aýalynyň öňündäki hatasyny boýun almaga gurbaty çatanok. Maşgalasyny mähir-muhabbet bilen gurşap almagy başaranok. Ol zeýrenje, närazylyga ýüz urmak bilen jogapkärçilikden gaçmaga synanyşýar. Iň gowusy - mert bolmaly we şol meseläni çözüp biljek adamlara ýüregiňi dökmeli. Rahatlyk we bagtyýarlyk açary elinde bolan adamlara arzyňy aýtmaly. Ruhubelent adamlardan haraý islemeli, çünki olar şeýle kynçylyklary mertlik bilen ýeňip geçen adamlardyr. Eýsem-de, sen ownuk-uşak hysyrdylar olaryň durmuşynda ýokdur öýdýärmiň, elbetde bar. Tapawutly tarapy, olar bar ünsüni bir ownuk külpete daňyp goýanoklar. Gözlerini meselä däl-de, şol meseläniň oňyn çözgüdine tarap öwürýärler.
Gaýtalanýan, yzygider we üznüksiz zeýrençden gaça dur. Diňe ruhuňa halys agram salyp başlasa, zehiniň keç bolanda, ruhy derdiňi egismek isläniňde, ynamdar dostuň bilen ýürekdeş söhbetdeşlige ýiti mätäç bolan pursadyň ýüregiňdäkini daşyňdan ýaňzyt, daşyňa çykar. Diňe derdiňi paýlaşyp biljeklere içiňi dök. Sagdyn ruha eýe bolan adamlara ýüzlen, diňe şeýle adamlar saňa peýdaly çözgüdi, netijeli nesihaty ýa-da ýüregiňi bu ýükden halas edip biljek çözgütleri salgy bererler. #Lebapmilli #Lebap
Mahlasy, başardygyňça zeýrenjiňi azalt, zeýrenmegi bes et. Zeýrenmekden zat gazanyp bolanok, bir gazanýan zadyň - jan saglygyňy ýitirýänligiň. Ýagdaýlar halys şoňa dirände ynamdar adamyň ýanynda içiňi döküp bilersiň. Ol hem dogrudan-da saňa peýda ýa-da peýdaly maslahat berip biljek adam bolsun. Meseläniň çözgütlerini ýa-da derdiňe ýarajak maslahatlary berip bilýän, üstesine nädip diňlemelidigini hem öz hereketleri bilen öwredýän adamlar tylla hazyna ýalydyr. Akyl-başarnygyň bilen gözellik sungatyny döretmäge ukyplykaň, sähel kynçylygyň öňünde müzzerip, zeýrenji sungata öwürmekden seresap bol.
Присоединяйтесь к ОК, чтобы подписаться на группу и комментировать публикации.
Нет комментариев