Kimi özüñize arkadag sayyarsyñyz? Imansyz ynsanlar hemišede bu dunyadäki zatlardan, adamlaryñ olara baha bermeginden, yada adamlara özüni kimdir bir ayratyn biri edip görkezmek üçin, yada šan šöhraty gazanmak üçin, puldur baÿlygy gazanmak üçin, wezipe yada ygtyara eye bolmak yada eye boldum diyen zatlaryny elinde saklamak üçin jan çekyarler. Çünki yetjek diyen zatlaryma yetsem yada yeten zatlarymy saklap bilsem šonda men kimdir biridirin, güyjum kuwwatym bar, šol zatlar meniñ arkadagym bolar diyen yalana ynanyarlar we šolarada sygynyarlar... Bularyñ bary bolsa puçlukdyr we bu dunya we bu dunyadeki zatlaryñ hiç biri bize sarsmaz umydy, kuwwaty, bagtlylygy we rahatlygy berip bilmez! Bu Mukaddes Yazgylardaky ayatda aydylyšy yaly diñe Reb bize sarsmaz umyt, dogrulykda we mukaddeslikde yašamagymyz üçin güÿç-kuwwat we kalbymyza nahili yagdaydadygymyza seretmezden rahatlyk berip bilyar! Bu sebapden adam ogullaryna yada adam ogullarynyñ gazanan yeten zataryna sygynjak bolup puç zatlaryñyñ yzynda dälde, Rebbe sygynyñ we Onuñ huzuruyny agtaryñ! Hudaÿyñ dogrulygyny we patyšalygyny gözläñ, šonda Reb size jogap berer!
Присоединяйтесь к ОК, чтобы посмотреть больше фото, видео и найти новых друзей.
Нет комментариев