Предыдущая публикация
GÖZLERIÑ SENIÑ
Gara saçlaň dökülip, örteninde ýüzüňi,
Men saçlaryň üstünden öpdüm ala gözüňi.
Ýöne ara ýol düşdi. Gijeler aýym meniň,
Galdy, uzakda galdy gara gözleriň seniň.
Ukla, gülüm, gal, gülüm, otur, gülüm, gez, gülüm
Şahadaky al alma ýaňagyň etsin çalym,
Ýöne nirde ýansa-da, nirde doňsa-da tenim,
Mydam maňa garasyn gara gözleriň seniň.
Şatlygy, gamy bilen aýlanyp dur goja Şar,
Onuň özüne ýetik aladasy-derdi bar.
Bir maksadym: ýeňletmek agyr derdini onuň,
Güýç bersin şu işimde gara gözleriň seniň.
Присоединяйтесь к ОК, чтобы подписаться на группу и комментировать публикации.
Нет комментариев