Magtymguly Pyragy gökleň
türkmenlerindendir . Ol takmynan, 1733-
nji ýylda Gürgen derýasynyň boýunda,
Hajygowşan diýen ýerde eneden
dogulýar. Ol omrüniň kopüsini Etrek ,
Gürgen, Garrygala sebitlerinde
geçiripdir. Şahyr "Älem belgilidir" diýen
şygrynda Ýaz geler, wagt-da gidre,
gaflata çykmyş gözlerim. Açaýyn
diýsem açylmaz, ne agyr uýkulydyr;
Bilmeýin soranlara aýdyň, bu garyb
adymyz: Asly-gerkez, ýurdy-Etrek, ady-
Magtymgulydyr diýip, öz adyny we
niredendigini, kimlerdendigini aýdýar.
Magtymguly Pyragy başlangyç
terbiýäni kakasy Döwletmämmet
Azadydan alýar. Ol bu barada: "Ylym
öwreden ussat-kyblam pederdir" - diýip
ýazýar. Magtymguly ilki oba
mekdebinde okaýar. Onuň ilkinji
mugallymyna Nyýazsalyh diýer ekenler.
Magtymguly örän zehinli we ýiti akylly
bolupdyr. Ol dürli kitaplary çakdan- aşa
köp we irginsiz okapdyr. Magtymguly
ýaş wagty kakasyndan, ejesinden we
obanyň garry adamlaryndan köp-köp
halk rowaýatlary, goşgy-gazallary,
erteki we nakyllary höwes bilen diňleýär
eken. Ol kakasy Döwletmämmet
Azadynyň döreden eserleriniň köpüsini
ýatdan öwrenipdir.
Magtymgulynyň zehinliligine, okuwa
höwesliligine göz ýetiren
Döwletmämmet onuň ylymly adam
bolup ýetişmeginiň aladasyny edipdir.
XVIII-nji asyrda Etrek, Ahal, Mary
sebilerinde güýcli medreseler
bolmandyr. Şonuň uçin hem
Döwletmämmet Azady öz oglyny ilki
Halajyň Gyzylaýak obasynda ýerlesýän,
sol wagt güýcli hasap edilen Idris
babanyň medresesinde okuwa iberýär.
Magtymguly bu medresede birnäçe
wagt okaýar. Soňra ol Buhara gidýär,
Buharada Gögeldaş atly medresä
okuwa gidýär we onda iki ýyl okaýar.
Şahyr sol medresede ders berýän
şiriralyly türkmen Nury Kazym ibn Bahr
bilen hem tanyşýar we onuň bilen
dostlaşýar. Emma medresedäki
talyplaryň tertip-düzgüniniň bozuklygy
Magtymgulynyň bu medresäni
taşlamagyna sebäp bolýar.
Magtymguly esasy bilimi Hywadaky
«Sirgazy» medresesinde alýar. Ol
«Sirgazy» medresesinde üç ýyl okaýar.
Medresede berilýän dersleriň daşynda
hem Gündogaryň görnükli şahyrlary:
Nyzamynyň, Nesiminiň, Fizulynyň,
Nowaýynyň we başgalaryň eserlerini
irginsiz okaýar. Ol medresede
okaýanlaryň arasynda özuni derrew
tanadyp, zehinli talyplaryň hataryna
goşulýar. Okuwyň ilkinji ýylynda
Magtymguly talyplaryň halypasy bolýar.
Soňky ýylda bolsa, mugallym özi ýok
wagty ders geçirmegi-de Magtymgula
ynanýar ekeni. Magtymguly öz
döwrüniň iň bilimli we düşünjeli adamy
bolup ýetişipdir.
Magtymguly Pyragy XVIII-nji asyrda
ýaşan, türkmen klassyky edebiýatynyň
kämilleşmegine örän uly goşant goşan,
türkmen edebi dilini ösdürmekde uly
işler bitiren şahyrdyr.
Türkmen halkynyň beýik şahyry
Magtymguly Pyragy, takmynan 1733-
nji ýylda Gürgen derýasynyň boýunda
Hajygowşan diýen ýerde eneden
dogulýar. Ol ömrüniň köpüsini Etrek,
Gürgen, Garrygala sebit-rinde
geçiripdir. Şahyr "Äleme belgilidir"
diýen şygrynda:
Bilmeýän soranlara aýdyň bu garyp
adymyz,
Asly-gerkez, ýurdy-Etrek, ady-
Magtymguludyr
diýip, öz adyny, niredendigini,
kimlerdendigini aýdýar. Magtymguly
başlangyç terbiýäni öz kakasyndan
alýar.
Присоединяйтесь к ОК, чтобы подписаться на группу и комментировать публикации.
Нет комментариев